Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly bellendi
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy 2019-njy ýylyň dekabrynda açyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly wezipesine belledi.

Döwlet Baştutany anna güni geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Baýramowy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly wezipesine bellemek hakynda Karara gol çekdi.

Baýramow ozal Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesini eýeleýärdi.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy 2019-njy ýylyň dekabrynda açyldy.

2022