“Türkmenistan” banky maý aýynda “Cash back” hyzmatyny 2%-e çenli ýokarlandyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” banky maý aýynda “Cash back” hyzmatyny 2%-e çenli ýokarlandyrar
“Türkmenistan” banky 18-nji maýynda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli aksiýa geçirýär.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky maý aýynyň dowamynda “Altyn asyr” bank kartlaryna berilýän pul sylagynyň (“Cash back”) möçberini 0,5%-den 2%-e çenli ýokarlandyrar.

“Türkmenistan” banky  2020-nji ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şanly baýramçylygy mynasybetli aksiýa yglan edýär.

Maý aýynyň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç guýujy beketlerinde ýangyç üçin nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirilende “Cash back” 2%-e çenli ýokarlandyrylar.

Şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň “Türkmenistan” we “Halkbank” döwlet täjirçilik banklary, şeýle hem “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky “Cash back” hyzmatyny ýola goýdular.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022