Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda dowam edýän gurluşyklar bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda dowam edýän gurluşyklar bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda 27 sany toplumlaryň we desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew ýurt Baştutanyna paýtagty durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar hem-de häzirki döwürde gurluşygy dowam edýän desgalar barada hasabat berdi we bu ugra degişli taslamalary, çyzgylary görkezdi.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp hem-de görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Soňra Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny dikuçarda dowam eden döwlet Baştutany şäher etegindäki Bagabat şäherçesinde gurluşygy alnyp barylýan 200 orunlyk şypahananyň we oňa barýan ýoluň taslamalary bilen tanşyp, bu işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň wajyp talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda paýtagtyň demirgazygynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we bu ýerde ýerleşýän Gurtly kölüniň dynç alyş üçin häzirki zaman şertleri özünde jemleýän künjege öwrülmegi ugrunda işleri guramagy tabşyryp, anyk görkezmeleri berdi.

Bu ýerde dynç alşyň ähli düzümleriniň döredilmegi bilen Gurtly kölüniň çäklerinde adamlaryň oňaýly dynç almagy üçin mümkinçilik dörejekdigi bellendi.

Döwlet Baştutany paýtagtyň günbatar sebitindäki Büzmeýin etrabynyň çäginde gurulýan ýaşaýyş jaýlary, köpugurly söwda merkezi, şonuň ýaly hem umumybilim berýän mekdebiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti iş saparynyň dowamynda A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalary synlap, şäheriň ähli künjeklerinde köp zolakly awtomobil ýollarynyň gurulmagynyň paýtagtda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen bir hatarda, sürüjiler we pyýadalar üçin amatly mümkinçilikleri üpjün etjekdigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde gatnawly ýollaryň çetki zolagyny durmuş düzümine degişli, aýratyn-da, “Tiz lukmançylyk kömegi” we ýangyn howpsuzlygy gulluklaryň ulaglaryna degişli çäk döredilip başlandygyny belläp, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan bu düzgüne pyýadalaryň hem-de sürüjileriň berk eýermekleriniň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle-de paýtagt boýunça iş saparynyň çäklerinde türkmen Lideri “Garagum”, “Nusaý” we “Arkadag” myhmanhanalarynyň, “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň we başga-da birnäçe desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy.

2022