“Dost gurluşyk söwda, önümçilik” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine barýan hem-de welaýat merkeziniň içerki agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlary we sil suwlaryny sowujy akabasynyň taslamasyny düzer hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurar.
Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň maý aýynda başlap, desgalaryň 1-nji tapgyryny 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda, 2-nji tapgyryny 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
“Öňde duran wezipeleri hem üstünlikli ýerine ýetirjekdigimize, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýerasty inženerçilik ulgamlaryny ýokary hilli hem-de öz wagtynda gurup, ulanmaga berjekdigimize ynandyrýarys” diýip, hojalyk jemgyýetiň esaslandyryjysy Nurmuhammet Meredow “Rysgal” gazetine beren beýanatynda aýtdy.
Şeýle-de Ahalyň täze merkezine barýan ýollaryň we welaýat merkeziniň içerki ýollarynyň gurluşygy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasyna ynanyldy hem-de gurluşyk işleri üçin maliýe serişdeleri bölünip berildi.
“Täze dolandyryş merkeziniň taslamasy ýurdumyzyň günorta sebitini ösdürmegiň çäklerinde iň soňky dünýä tejribeleri we innowasion tehnologiýalar esasynda taýýarlanyldy. Hususy kärhanamyza ynanylan ýollaryň gurluşygyny hem ýokary derejede alyp bararys” diýip “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary Rahymberdi Seýidow belleýär.
Döwrebap edara ediş merkezini gurmak üçin fewral aýynda 1.5 milliarda golaý amerikan dollary möçberinde serişde bölünip berildi.
Gurluşyk işleri 2019-njy ýylyň awgust aýynda başlady we binalar hem-de desgalar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar ediler.