Türkmenistan bilen Nederlandlaryň kompaniýasy gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Nederlandlaryň kompaniýasy gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmekçi
Nederland kompaniýasy 1927-nji ýylda esaslandyrylyp, bazaryň her bir ugry üçin niýetlenen gämileri gurmak babatda ýöriteleşdirilendir. (Surat: “Damen Shipyards”)

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde penşenbe güni Niderlandlaryň “Damen Shipyards Gorinchem” kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Şeýle hem duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistan döwrebap tehnologiýalara hem-de ylmy-tehniki innowasiýalara eýe bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalarynyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, “Damen Shipyards Gorinchem” kompaniýasy bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga özara islegiň bardygyny tassyklamak bilen, bar bolan mümkinçilikleri, şeýle hem degişli pudaklarda, şol sanda gämi gurluşyk pudagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nederland kompaniýasy 1927-nji ýylda esaslandyrylyp, bazaryň her bir ugry üçin niýetlenen gämileri – tirkeglerden başlap, lýuks kysymly gämilere çenli işläp taýýarlamak we gurmak babatda ýöriteleşdirilendir.

2022