Ýekşenbe güni Aşgabatda türkmen halysynyň sergisi gurnalar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýekşenbe güni Aşgabatda türkmen halysynyň sergisi gurnalar
Türkmenistanda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halysynyň baýramy bellenilýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda ýekşenbe güni ýurduň haly we dokma pudaklarynyň ýeten derejesine hem-de söwda ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi-ýarmarkasy gurnalar.

Şeýle-de türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň 20-nji mejlisi geçiriler. Oňa wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşar. Mejlisiň dowamynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ussat halyçylaryny hormatlamak dabarasy bolar hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

Türkmen milli halyçylyk sungaty geçen ýylyň dekabr aýynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistandan arassa ýüň ýüplerden dokalýan meşhur türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar.

Birleşigiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halysynyň baýramy bellenilýär.

2022