Lebaply hususy maldarlar bazarlary ýerli önümler bilen üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply hususy maldarlar bazarlary ýerli önümler bilen üpjün edýär
Telekeçi Saýypowyň maldarçylyk hojalygynda Germaniýadan getirilen “Galşteýn” tohumly sygyrlaryň ýüzlerçesi idedilýär.

Lebap welaýatynda türkmen hususy pudagynyň wekilleri ilaty et we süýt önümleri bilen yzygiderli üpjün etmäge işjeň gatnaşmagyny dowam edýär.

Telekeçi Şöhrat Saýypowyň Saýat etrabynda ýerleşýän maldarçylyk hojalygynda Germaniýadan getirilen “Galşteýn” tohumly sygyrlaryň ýüzlerçesi idedilýär. Sygyrlaryň bu tohumy süýdi has köp berýänligi bilen tapawutlanýar. Toplumdaky sygyrlardan bir gije-gündiziň dowamynda 550 litre çenli süýt alynýar. Maldarçylyk hojalygynda 15-e golaý hünärmen zähmet çekýär.

Geçen ýyla çenli bu hojalyk üçin bölünip berlen ýeriň 70 göteriminde iş alnyp barlan bolsa, bu ýyl işler has giň çäkde dowam edýär. Garagum sährasynyň goýnunda bölünip berlen 265 gektar ýerde bolsa, ot-iým taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda welaýatda işleýän hususy maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi gurulýar. Telekeçi R.Narow Hojambaz etrabynyň çäginde ýylda 5 müň guş ýetişdirmäge niýetlenilen toplumyň gurluşygyna girişdi. Guşlar üçin gerekli ot-iýmleri ýetişdirmek üçin hem telekeçä ýer bölekleri bölünip berildi.

“Geçit” hususy kärhanasy tarapyndan bolsa, Döwletli etrabynda 300 baş iri şahly mallara niýetlenen toplum gurulýar. Şeýle toplumlaryň ýene-de ikisiniň gurluşygy Çärjew etrabynda dowam edýär. Telekeçiler B.Hasanowyň we R.Şadmanowyň ýolbaşçylygyndaky toplumlarda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar.

2022