ÝTÖB kiçi we orta kärhanalara onlaýn okuw maksatnamasyny ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB kiçi we orta kärhanalara onlaýn okuw maksatnamasyny ýola goýdy
Okuw çeşmesi ÝTÖB-iň 30 döwletinde hereket edýän banklaryndan maliýe goldawy almak boýunça her ýurt üçin degişli maglumatlary öz içine alýar.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) dünýädäki pandemiýanyň netijesinde ykdysady täsirini ýetiren kiçi we orta kärhanalar üçin onlaýn okuw-konsultatiw maksatnamasyny ýola goýdy.

ÝTÖB-iň “Çökgünlige garşy nou-hau” maksatnamasy – bu telekeçileriň amaly materiallary almaga, şol sanda okuw materiallary bilen tanyşmaga we çökgünlik döwründe pudak hünärmenlerinden işi alyp barmak boýunça maslahat almaga, şeýle hem professional diskussiýa forumlaryna gatnaşmaga mümkinçilik döredýän ýeke-täk okuw çeşmesidir.

Şeýle-de okuw çeşmesi ÝTÖB-iň 30 döwletinde hereket edýän banklaryndan maliýe goldawy almak boýunça her ýurt üçin degişli maglumatlary öz içine alýar.

ÝTÖB-iň maksatnamasy esasy 5 sany bölüme bölünýär:

  1. Çökgünligiň dolandyrylyşy: siziň müşderileriňiz we üpjün edijileriňiz;
  2. Çökgünligiň dolandyrylyşy: maliýe menejmentiniň esaslary;
  3. Çökgünligiň dolandyrylyşy: öz kärhanaňy nädip maliýeleşdirmeli;
  4. Çökgünligiň dolandyrylyşy: siziň işgärleriňiz – siziň esasy işjeňligiňiz;
  5. Çökgünligiň dolandyrylyşy: ýolbaşçylygyň we liderligiň meseleleri.

Ähli çeşmeler iňlis, arap, rus, türk we ukrain dillerinde hödürlenýär.

ÝTÖB sebitde hereket edýän hyzmatdaş banklar we birleşmeler bilen bilelikde bu maksatnamany 30 döwletde 10 müňden gowrak kiçi telekeçilik kärhanalary öz içine almak bilen amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda bu başlangyjy Ýewropa Bileleşigi maliýeleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022