Merkezi Aziýanyň lukmançylyk edaralary COVID-19-a garşy göreşi maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň lukmançylyk edaralary COVID-19-a garşy göreşi maslahatlaşdylar
Gepleşige gatnaşanlar maglumat we tejribe, howply ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de bejermek boýunça gazanylan tejribeleri paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde çarşenbe güni Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirildi.

Onda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri, ilkinji nobatda bolsa, COVID-19 ýokanjyna garşy bilelikdäki göreş ýaly möhüm meseleler maslahatlaşyldy.

Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň lukmançylyk edaralarynyň gepleşiklere gatnaşýan ýolbaşçylary we işgärleri maglumat we tejribe, howply ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de bejermek boýunça gazanylan tejribeleri we bilimleri almak üçin ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 20-nji maýda hem duşuşyk geçirilipdi. Şol duşuşykda koronawirus pandemiýasy zerarly sebitdäki we dünýädäki häzirki ýagdaýlary bilen bagly gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022