Daşoguzly telekeçi 600 gektara golaý ýerde ýeralma ýetişdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly telekeçi 600 gektara golaý ýerde ýeralma ýetişdirýär
Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň “Gala” we “Sante” görnüşleri has köp ekilýär.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda telekeçi Döwran Esenow N.Andalyp daýhan birleşiginde 600 gektara golaý ýerde “Gala” ýeralma sortuny ösdürip ýetişdirýär.

Telekeçi Esenow bu ýerden 8 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýär.

Telekeçiniň aýtmagyna görä, ýeralmanyň “Gala” sorty özüniň ýokary hasyllylygy, ýerli şertlere uýgunlaşmagy, çalt ösdürilip ýetişdirilişi, köp kesellere garşy durnuklylygy we düzüminde krahmalyň az mukdarada bolmagy bilen tapawutlanýar.

Daşoguz welaýatynda ýerli ýeralmanyň görnüşleri bilen bir hatarda Nederlandlaryň “Sante” ýeralma görnüşi hem ösdürilip ýetişdirilýär. Ýeralmanyň bu görnüşi howanyň ýokary temperaturasynda ösmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Etrap boýunça ýeralma önümçiligi üçin jemi 2,100 gektar ýer bölünip berildi.

Şu ýyl welaýatda ýeralma ýetişdirmek üçin meýdan 4 müň gektara çenli artdyrylyp, ondan 56 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.