Aşgabatda COVID-19 garşy göreş boýunça brifing geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda COVID-19 garşy göreş boýunça brifing geçirildi
Brifingde çykyş edenler Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň bellige alynmandygyny hem-de ýurtda amatly epidemiologiýa ýagdaýynyň saklanylýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde anna güni milli derejede kabul edilen Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we konsullary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda akkreditirlenen žurnalistlerden başga-da çärä onlaýn görnüşinde daşary ýurt KHBS-niň wekilleri hem gatnaşdy.

Brifingiň başynda Daşary işler ministri Raşid Meredow oňa gatnaşyjylary Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurtda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Ministr Meredow resminamanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) berýän maslahatlaryna berk laýyklykda işlenilip taýýarlanandygyny nygtap, koronawirusa garşy bilelikde göreş alyp barmakda halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Çäräniň dowamynda şu ýylyň 29-njy maýynda BSSG-niň Baş direktory Tedros Gebreýesus tarapyndan öňe sürlen COVID-19-a garşy tehnologiýalaryň ygtyýarlyk Platformasynyň döredilmegine üns çekildi.

Türkmenistanyň bu Platforma goşulýandygyny resmi taýdan mälim edip, Meredow bu meýilleriň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi bilen birlikde ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ilerledilmegi barada öňe süren oňyn başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny hem aýratyn belledi.

Brifingde HHR-nyň, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, ÝHGG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň bellige alynmandygyny hem-de ýurtda amatly epidemiologiýa ýagdaýynyň saklanylýandygyny belläp, bütin dünýäde bu pandemiýanyň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsirini ýetirjekdigi baradaky pikiri beýan etdiler.

Şeýlelik-de, gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şol sanda ýurtlaryň ykdysadyýetlerine bolan täsiri azaltmak boýunça bilelikdäki çözgütleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022