Türkmen we fransuz diplomatlary medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini bellediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we fransuz diplomatlary medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini bellediler
Luwr muzeýi, Pariž

Anna güni wideokonferensiýa arkaly Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dördünji tapgyry geçirildi.

Onlaýn geňeşmelere Daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýew hem-de Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa departamentiniň direktory Frederik Mondoloni ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar Covid-19 bilen bagly alnyp barylýan çäreler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-nyň çäklerinde iki ýurduň oňyn hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Fransuz tarapy Türkmenistanyň sebit we halkara başlangyçlarynyň, hususan-da sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak boýunça başlangyçlarynyň wajyplygyny belledi.

Gepleşikleriň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi, şol sanda iş toparlarynyň işiniň işjeňleşdirilmegi barada bellenip geçildi.

Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada aýdyp, söhbetdeşler ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hem-de arheologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdiler. Mundan başga-da, taraplar kosmos we suw ulgamlaryndaky hem-de Türkmenistanda fransuz dilini ýaýbaňlandyrmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

2022