Fransuz kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fransuz kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary giňeltmekçi
Fransuz hususy pudagyna halkara derejesinde wekilçilik edýän “MEDEF International” döwlete dahylsyz guramadyr.

Wideoaragatnaşyk arkaly sişenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasynyň Baş sekretary hanym Žeraldin Lemble we bu guramanyň agzalary bilen gepleşik geçirildi.

Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habar bermegine görä, “MEDEF International”-yň ýolbaşçysy iri fransuz kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen göni we netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda, iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde bilelikdäki türkmen-fransuz işewürler maslahatyny geçirmegiň mümkinçiligine garaldy we umumy bähbitlere laýyklykda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Fransuz hususy pudagyna halkara derejesinde wekilçilik edýän “MEDEF International” 1989-njy ýylda döredilip, ol döwlete dahylsyz guramadyr. MEDEF ähli ugurlara degişli 800 müň kompaniýany birleşdirýär.

2022