“Türkmenpoçta” Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň tölegini aňsatlaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenpoçta” Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň tölegini aňsatlaşdyrýar
Karary eltip berýän poçtanyň işgäri POS-terminalynyň üsti bilen nagt däl tölegi hem kabul edip bilýär.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” kompaniýasy ilata hödürleýän hyzmatlarynyň sanyny artdyrýar.

Kompaniýanyň şahamçalaryndan ilata Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) jerime hakynda çykaran kararlaryny eltmek hem-de olary kompaniýanyň täzelenen saýtynda ýa-da şahamçalarda tölemek hyzmaty gurnaldy. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Karary eltip berýän poçtanyň işgäri POS-terminalynyň üsti bilen nagt däl tölegi hem kabul edip bilýär. Töleg hakynda tassyknama elektron görnüşinde degişli edara ugradylýar.

“Türkmenpoçta” bilen PÝGG-niň arasynda gatnaşyklaryň çäginde awtoulag serişdeleriniň eýeleri poçta şahamçalarynda diňe jerimeleri tölemek bilen çäklenmän, eýsem, awtoulagy resmileşdirmek, sürüjileriň synagy we tehniki gözegçilik bilen bagly tölegleri hem amala aşyryp bilerler.

Şeýle-de kompaniýanyň täzelenen saýtynda ulanyjylar “Şahsy otagyň” üsti bilen jerime, jaý-ulanyş we beýleki hyzmatlar üçin tölegleri onlaýn görnüşinde amala aşyryp bilerler. Munuň üçin gerekli maglumatlary girizmeli. Töleg SMS üsti bilen tassyklanýar.

Mundan başga-da, demir ýol petekleriniň satuwy, Bütindünýä poçta birleşmesine agza döwletlere ekspress-ugratma hem kompaniýanyň hyzmatlarynyň sanawyna girýär, şeýle hem öýe eltmek hyzmatyndan peýdalanyp bolýar.