Türkmenistan bilen Sierra-Leone diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Sierra-Leone diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýýar
Teswirnama Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ahmet Gurbanow hem-de Sierra-Leoneniň ilçisi Kamara Ali Badara tarapyndan gol çekildi.

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda duşenbe güni Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ahmet Gurbanow hem-de Sierra-Leone tarapyndan Sierra-Leoneniň ilçisi Kamara Ali Badara tarapyndan gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynyň öňünden ilçiler Türkmenistanyň we Sierra-Leoneniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oba hojalygy, geologiýa, maýa goýumlar ýaly ulgamlary bilen bir hatarda, gatnaşyklaryň ileri tutulýan beýleki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň toplan tejribesiniň nazarda tutulmagy bilen lukmançylyk hyzmatlaryny bermek ulgamynda bilelikdäki gatnaşyklar barada hem hem pikir alşyldy. Kärdeşler iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

Günbatar Afrikada ýerleşýän Sierra-Leone 72 müň inedördül kilometr meýdany eýeläp, ýurduň 7 milliondan gowrak ilaty bardyr. Ýurduň ykdysadyýeti senagatyň, magdan gazyp almagyň, şeýle-de kakao, kofe, hoz, tüwi ösdürip ýetişdirmegiň, maldarçylygyň hasabyna ösýär.