Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda hususy ekerança ananas ýetişdirmegi maslahat berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda hususy ekerança ananas ýetişdirmegi maslahat berdi
“Altyn tug” hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda pomidoryň “Gök ýaýla” görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

Daşoguz welaýatyna iş saparynda sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn tug” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysyna ýyladyşhanasynda ananasy hem ýetişdirmegiň peýdaly boljakdygy barada belledi.

Şeýle-de ýurt Baştutany hususy ýyladyşhanada sitrus önümlerini ýetişdirmegiň ugurlaryny öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Welaýatyň S.A.Nyýazow etrabynyň çäginde ýerleşýän “Altyn tug” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Isaguly Garabaýew ýyladyşhana toplumynda ýetişdirýän ekinleri bilen tanyşdyrdy.

2019-njy ýylda ulanylmaga berlen toplumda pomidoryň “Gök ýaýla” görnüşi, bulgar burçunyň “Bitarap – 20” gyzyl görnüşi we “Nabat” atly sary görnüşi hem-de “Datly” atly ýertudanasy ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýyladyşhananyň 10 gektar ýerinde pomidor, onuň aýry-aýry böleklerinde bolsa, bulgar burçy hem-de ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.

Bu ýerde ýylda 2 müň 500 tonna pomidor, 20 tonna ýertudanasy, 4 tonna bulgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada häzirki wagtda 120 işgär zähmet çekýär.

Hususy kärhananyň ýolbaşçysy ýyladyşhanada banan ekmegi hem meýilleşdirýändigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýetişdirilen hasyly eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy hem-de kärhananyň ýolbaşçysyna şunuň bilen bagly döwlet tarapyndan daşary bazarlarda önümleri ýerlemekleri üçin hususy telekeçilere elmydama goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.

Şeýle-de ýurt Baştutany türkmen topragynda ýetişdirilen hasyllary ter görnüşinde ulanmak bilen çäklenmän eýsem, olary gaýtadan işlemek we uzakmöhletleýin zaýalaman saklamak örän derwaýys meseleleriň biridigini aýdyp, şu maksat bilen ýurduň ähli künjeklerinde sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ammarlar yzygiderli gurulýandygyny belledi.

2022