Aşgabat adam hukuklary boýunça ÝB bilen tejribe alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat adam hukuklary boýunça ÝB bilen tejribe alyşdy
Gepleşilerde taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň köptaraplaýyn forumlaryň we halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça hem pikir alyşdylar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly penşenbe güni “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça Dialogyň çäklerindäki nobatdaky mejlis geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşige türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Daşary işler we beýleki edaralaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Mejlisde ýewropa tarapyna Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň ýolbaşçysy we wekilleri, şonuň ýaly-da Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wekilçilik etdiler. 

Söhbetdeşligiň barşynda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi, kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri ýaly ugurlar, şonuň ýaly-da COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy boýunça taraplaryň özara hereketleriniň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikir alşyldy.

Onlaýn gepleşigiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar şonuň ýaly-da, halkara hem-de ýerli resminamalaryň birnäçesiniň çäklerinde adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berilmeginiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem dialogyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň köptaraplaýyn forumlaryň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça hem pikirlerini beýan etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022