Baýramalynyň dokma toplumy 28 million manatlyk önüm taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baýramalynyň dokma toplumy 28 million manatlyk önüm taýýarlady
Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda dürli ölçegli ýüplükler we günde ortaça 6-7 tonna mata dokalýar.

Ilki diňe ýüplük önümçiligi bilen işe girizilen Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda taýýar matalar hem öndürilmäge başlandy. Şu ýylyň dowamynda bu kärhanada 28.2 million manatlyk dokma önümi taýýarlandy.

Welaýatyň ilkinji dokma kärhanalarynyň hataryna girýän toplum dört bölümden ybarat bolup, her bir bölümde döwrebap tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylandyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Bu ýerde türkmen pagtasy gaýtadan işlenilip, dürli ölçegli ýüplükler taýýarlanylýar we dokma bölümine geçirilýär. Ol bölümde günde ortaça 6-7 tonna mata dokalýar. Boýag bölüminde gerekli reňkine getirilen matalar tikinçilik bölümlerinde gaýtadan işlenilip, taýýar önüm derejesine getirilýär.

Kärhananyň ýöriteleşdirilen dükanlary Mary, Baýramaly, Aşgabat şäherlerinde we beýleki welaýatlarda hereket edýär. Şeýle-de toplumyň önümleri buýurmalar esasynda hem daşarky bazarlara ugradylýar. Önümlere Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň we Belarusyň bazarlarynda isleg bildirilýär.

Häzirki wagtda Baýramalynyň dokma toplumynda 750-den gowrak hünärmen zähmet çekýär we toplumda esasan hem çaga egin-eşikleri, öýde geýilýän erkek we zenan halatlary, dürli ölçegdäki el süpürgiçleri hem-de aşhana esbaplary öndürilýär.

2022