Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi
Döwlet maksatnamasy emlägiň hususylaşdyrylmagy babatda ygtyýarly edara bolan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan taýýarlanylýar.

Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça döwlet maksatnamasy (mundan beýläk - Döwlet maksatnamasy) esasynda we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

Döwlet maksatnamasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gatnaşmaklarynda eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ygtyýarly edara bolup durýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri

1. Şu aşakdakylar eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri bolup durýarlar:

  • emläk toplumy hökmünde – döwlet kärhanalary;
  • jaýlar, desgalar we gurluşygy tamamlanylmadyk obýektler;
  • emläk toplumy hökmünde kärhananyň hususylaşdyrylmagy tehnologik tapgyryny bozmaýan önümçilik we önümçilik däl bölümleri we düzüm birlikleri;
  • döwlet kärhanalarynyň aýrybaşgalanan bölümleri;
  • ýaşaýyş jaýlaryndaky umumy peýdalanylýan meýdan hasap edilmeýän ýaşalmaýan meýdanlar;
  • paýdarlar jemgyýetleriniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli bolan dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalaryň (şol sanda oba hojalyk önümlerini öndürýän) emlägindäki gymmatly kagyzlaryň paýy;
  • başga döwlet emlägi, muňa şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan emläk degişli däldir.

2. Şular eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri bolup bilmeýärler: ýerasty baýlyklar, tokaý gaznasy, suw serişdeleri, howa giňişligi, territorial suwlaryň we deňiz ykdysady zolagynyň serişdeleri, döwlet tarapyndan goralýan ýa-da aýratyn görnüşde peýdalanylýan tebigy çäkler, Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasynyň obýektleri (seýrek duş gelýän medeni we tebigy ýadygärlikler hem-de tebigatyň, medeniýet taryhynyň, ylmyň we tehnikanyň obýektleri, şol sanda döwlet muzeýlerinde, arhiwlerinde we kitaphanalarynda saklanýan gymmatlyklar, olaryň ýerleşýän otaglaryny hem jaýlaryny goşmak bilen), şeýle hem ýer, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, milli howpsuzlyk edaralarynyň, serhet we içerki goşunlarynyň, döwletiň bilim berýän edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de pudaklaýyn akademiýalaryň merkezleriniň we obýektleriniň emlägi, goranmak obýektleri, bir bitewi energetika ulgamy, awtomobil ýollary, demir ýollar, deňiz we içerki suw ýollary, uglewodorod serişdelerini we nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenilen magistral turba-geçirijileri, howa ýollary, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri, Türkmenistanyň Merkezi banky we onuň döredýän karz serişdeleri, döwletiň ätiýaçlyk, ätiýaçlandyryş we beýleki gaznalary, gidrometeorologiýa gullugynyň, daşky gurşawy we tebigy serişdeleri goramagyň, patent gullugynyň, standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň obýektleriniň emlägi.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli bolmadyk obýektlere döwlet eýeçiligindäki başga obýektler hem degişli edilip bilner.

Türkmenistanyň “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” kanunynyň şu rejelenen görnüşi 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girdi.

BT Hukuk bölümi