Türkmenistan bilen Italiýa şu ýylyň güýzünde işewürlik forumyny geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Italiýa şu ýylyň güýzünde işewürlik forumyny geçirer
Geçen ýyl Milan şäherinde türkmen-italýan işewürler maslahaty geçirildi.

Geçen anna güni türkmen-italýan işewürlik forumynyň resmi däl onlaýn maslahaty geçirildi. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Maslahata iki döwletiň dürli edaralarynyň, kompaniýalarynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar. Şeýle hem onlaýn maslahata Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Manlio di Stefano we Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ungaro gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda Italiýanyň söwda agentliginiň (ITA) Türkmenistandaky konsultanty Azat Mededow Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň statistika baradaky institutynyň bilelikde Türkmenistanyň ykdysadyýeti we ikitaraplaýyn söwda statistiki seljermesi boýunça taýynlan gysgaça syny bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem taraplar geçen ýylyň noýabrynda Milan şäherinde geçirilen resmi işewürlik forumynda gazanylan esasy netijelerini maslahatlaşdylar.

“Türkmen-italýan işewürlik forumynyň indiki maslahaty şu ýylyň güýzünde geçirmek meýilleşdirilýär” diýip, ilçi Ungaro aýtdy.

Gepleşiklerde SACE paýdarlar jemgyýetiniň Moskwadaky sebitleýin edarasynyň, ÝTÖB-niň Aşgabatdaky edarasynyň we Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem çykyş etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022