Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) ýolbaşçysy Döwran Hudaýberdiýew bilen Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpottyň arasynda sişenbe güni onlaýn görnüşinde gepleşik geçirildi. Bu barada TSTB habar berýär.
Hýu Stenli Filpott TSTB-niň ýolbaşçysyny täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, britan tarapyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň we işewürlik gatnaşyklarynyň geljekki ösüşine, hususan-da, telekeçilik boýunça netijeli özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine bolan hemişelik gyzyklanmasyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda türkmen telekeçileriniň iş çygryna häzirki zaman Ýewropa tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň çekilmegi, şeýle hem dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hyzmatdaşlygyň uly artykmaçlygynyň barlygyny nygtamak bilen, gepleşige gatnaşyjylar Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäginde geljekki hyzmatdaşlygyň, şeýle hem iki ýurduň kärhanalarynyň özara gatnaşyklaryna gyzyklanma bildirýänleriň göni aragatnaşygyny guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.