Türkmenistan ýokanç kesellere garşy göreşmek çärelerini BMG bilen utgaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ýokanç kesellere garşy göreşmek çärelerini BMG bilen utgaşdyrýar
Türkmenistan bilen BMG koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň sosial-ykdysady netijelerine garşy bilelikdäki çäreler barada pikir alyşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni BMG-nyň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň sosial-ykdysady netijelerine garşy bilelikdäki çäreler barada pikir alşyldy.

Howply kesellere garşy göreşmek, şol sanda Adatdan daşary toparyň keselleriň ýaýramagyna garşy hereketleri, ýurduň Ýiti ýokanç kesellerine garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem BSGG-niň Baş direktorynyň belläp geçen COVID-19-a garşy tehnologiýalaryň ygtyýarlyk Platformasyna (C-TAP) goşulmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan ädimler barada beýan edildi.

Şeýle-de pandemiýa garşy göreşmek boýunça çäreleri üpjün etmegiň maddy-tehniki ulgamyny goldamak we giňeltmek meseleler boýunça maslahat edildi. Türkmenistanyň adam saglygyny goramaga gönükdirilen halkara tagalalary hemmetaraplaýyn goldaýandygy babatynda bellenildi.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda dowam edýän taslamalar we maksatnamalar barada hem pikir alyşdylar we geljekde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

2022