Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni mynasybetli gutlaýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni mynasybetli gutlaýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda 63 ýaşaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy 29-njy iýunda doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri gutladylar. Bu barada THD habar berýär.

Habara görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý we Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon gutladylar.

Döwlet Baştutanlary türkmen Liderine jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde mundan hem beýläk uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň hökümet agzalary, ähli deputatlaryň adyndan Mejlisiň başlygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýtdylar.

Şu ýyl türkmen Lideri 63 ýaşaýar. Bu ýaş yslam dünýäsinde pygamber ýaşy hasap edilip, Türkmenistanda bu ýaşa ýetmek uly mertebe we döwletlilik hasap edilýär. Milli däplere laýyklykda, bu sene maşgalaň, dogan-garyndaşlaryň we ýakynlaryň hem-de tutuş halk bilen bilelikde bellenilýär.

2022