“Altınyıldız Classics” türk egin-eşik kompaniýasy Aşgabatda ilkinji dükanyny açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altınyıldız Classics” türk egin-eşik kompaniýasy Aşgabatda ilkinji dükanyny açdy
“Altınyıldız Classics” kompaniýasy “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde täze dükanyny açdy. (Surat: AA)

“Altınyıldız Classics” türk egin-eşik öndürýän kompaniýasy Aşgabat şäherinde ilkinji dükanyny açdy. Bu barada Türkiýäniň AA agentligi sişenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň beýan etmegine görä, täze dükanda eşikleriň döwrebap dizaýnly görnüşleri Türkmenistandaky täze müşderilere ýetirilip başlanýar.

“Altınyıldız Classics” iş usuly we erkek geýim öndürijiligindäki üstünligi bilen Türkiýede we daşary ýurtlarda iň çalt ösýän bölek satuw markalarynyň arasyndaky erkek modasynda öňdebaryjy bolmagyny dowam eder diýip, kompaniýa habar berýär.

Kompaniýanyň Halkara söwdasy we satyş müdiri Osman Çawuşoglu türkmen paýtagtyndaky dükanyň daşary ýurtda açylan 21-nji dükandygyny aýdyp, “Türkmenistandaky ilkinji dükanymyzy ýurduň iň uly söwda merkezleriniň biri bolan “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde açdyk. Öňümizdäki iki ýylyň içinde Türkmenistanda ýene-de üç sany dükan açmagy göz öňünde tutýarys” diýip belledi.

“Hususan-da, ýylyň soňuna çenli daşary ýurtlardaky dükanlarymyzyň sanyny 30-35-e ýetirmegi maksat edinýäris” diýip, Çawuşoglu daşary ýurtlardaky meýilnamalary barada gürrüň berdi. “Ilki bilen bar ünsümizi Demirgazyk Afrika we Ýewropa gönükdirdik. Dükanlar zynjyry bilen Ýewropada tiz we ýokary derejede ösüş gazanmagy meýilleşdirýäris”.

Aşgabatda açylan täze dükan 120 indeördül metrden ybaratdyr.