Türkmen telekeçisi ýyladyşhanasyndan 60 tonna banana garaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi ýyladyşhanasyndan 60 tonna banana garaşýar
Geçen ýyl bananyň 50 tonna golaý hasylyny alan “Ferhar” hojalyk jemgyýeti bu ýyl 60 tonna hasyla garaşýar.

“Ferhar” hojalyk jemgyýeti şu ýyl öz ýyladyşhanasyndan bananyň 60 tonna golaý hasylyny almaga garaşýar. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Geçen ýyl Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän hojalyk jemgyýeti bananyň 50 tonna golaý hasylyny almagy başarypdy.

“Ferhar” hojalyk jemgyýetiniň inžener-tehnology Rejepgeldi Täşliýewiň aýtmagyna görä, ýyladyşhanada bananyň “Grande-Nine” görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bananyň bu görnüşi çalt ösýändigi bilen tapawutlanyp, ol 8-9 aýda gülleýär we miwe çykarýar. 2.5-3 aýyňda dowamynda banan miweleri doly ýetişýär.

“Banan agajy uzak ýaşaýan ösümlik bolup, ol ýaşynyň ulaldygyça hasyllylygyny peseldýär. Bu ýagdaýda agaç kesilýär, emma onuň köki täzeden gögerip bilýär” diýip, Täşliýew banan agajynyň häsiýeti barada gürrüň berdi.

Kompaniýanyň düzüminde ýedi sany hünärmen zähmet çekýär.

2022