Türkmen hususy dowardarlaryna karz serişdeleri bölünip berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy dowardarlaryna karz serişdeleri bölünip berildi
Hususy dowardarlar ozaldan hem gissar garaköl genotipli dowarlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar.

Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylary, telekeçiler Babanyýaz Emirowa we Babamyrat Şaýkulowa ýe­ňillikli karz serişdeleri bölünip berildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berýär.

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň Garlyk şäherçesindäki şahamçasynyň beren pullaryny telekeçiler tohum mallary satyn almak üçin harçladylar. Telekeçiler ozaldan hem gissar garaköl genotipli dowarlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar.

“Haryt-önüm ugurly mallaryň idedilip başlanmagy ýurduň özünde öndürilýän azyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagy üçin peýdalydyr” diýlip, habarda aýdylýar.

Telekeçileriň bellemeklerine görä, üç aýlyk guzularyň agramy 25-30 kilograma, ene goýunlaryň agramy 75 kilograma, goçlaryň­ky bolsa 80-90 kilograma ýetýär. Işewürler bankyň tohum mallary edinmek üçin beren karz serişdeleriniň uly goldaw bolandygyny belleýärler we ýurtda maldarçylyk önümleriniň öndürilişine mynasyp goşant goşjakdyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Kararyna laýyklykda, banklar tarapyndan telekeçilere, hususy kärhanalara, önüm öndüriji daýhan hojalyklaryna we kärendeçilere uzak möhletli, 5%-li ýe­ňillikli karzlar berilýär.

2022