Türkmenistanda öndürilen ilkinji smart telewizorlaryň onlaýn satuwy başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda öndürilen ilkinji smart telewizorlaryň onlaýn satuwy başlandy
“Aýdyň gijeler” alyjylara “Tolkun” we “Zemin” haryt nyşanly suwukkristal ekranly hem-de “4K Ultra HD” durulykly “IP-týunerli” telewizorlary hödürleýär.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda öndürilen smart telewizorlaryň onlaýn satuwyny ýola goýdy. Bu barada ORIENT duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, smart telewizor satyn almak isleýän müşderiler “Aýdyň gijeler” kompaniýasynyň web sahypasyna girip, şol ýerde “telewizor” bölüminde üç görnüş diagonally telewizorlary saýlap sargyt edip bilerler.

Kompaniýanyň işgärleri we operatorlary onlaýn sargyt alandan soň maglumatlary gaýtadan işleýärler we müşderini nobata goýýarlar. Belli bir wagtdan soň müşderiler bilen telefon arkaly habarlaşyp, harytlary görkezilen salga iberýärler. Müşderiler sargytlary üçin bank kartlary arkaly hem töläp bilýärler.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti alyjylara “Tolkun” haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, şeýle hem “Zemin” haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly hem-de “4K Ultra HD” durulykly “IP-týunerli” telewizorlary hödürleýär. Önümler zerur interfeýsler we kabel öýjükleri bilen üpjün ediler.