BSGG-niň missiýasynyň Türkmenistana resmi sapary başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
BSGG-niň missiýasynyň Türkmenistana resmi sapary başlady
BSGG-niň bäş adamdan ybarat wekiliýeti duşenbe güni “Türkmenhowaýollary” agentliginiň çarter gatnawy bilen ýurda geldi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) missiýasy türkmen hökümeti hem-de hünärmenleri bilen bilelikde COVID-19 garşy taýýarlygyň we dessin çäreleriň dürli ugurlary boýunça işe girişýär. Missiýa BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça uly hünärmeni doktor Katrin Smolwud ýolbaşçylyk edýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berýär.

“Bu Türkmenistanyň esasy pozisiýasy – halkara bilermenleriň sapary, olaryň türkmen hünärmenleri bilen bilelikdäki işi hem-de ýurtdaky ýagdaýlara obýektiw baha bermekdir. Türkmenistan bilermenler toparynyň ýurda gelmegini hem-de toparyň Ýewropa alyp gitmegini üpjün eder. Munuň üçin Türkmenistan ähli zerur şertleri döretmäge taýýar” diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmenistana saparynyň öň ýanynda BMG-niň internet sahypasynda beýan edilen doktor Katrin Smolwud öz söhetdeşliginde Missiýanyň maksady we onuň meýilnamasy, şeýle hem BSGG-niň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalary bilen bilelikde milli derejede döredilen Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesellerine garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň taýýarlygy hem-de durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler barada nygtap geçdi.

“On günlük saparyň dowamynda halkara bilermenleriň ýokary wezipeli resmiler hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri bilen duşuşyklary meýilleşdirildi. Saparyň esasy maksady koronowirusyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almakda türkmen Hökümetine we saglygy goramak boýunça ministrligine ýardam bermekdir. Şeýle-de BSGG-niň wekilleri birnäçe saglyk edaralaryna, umumy saglygy goraýyş merkezlerine, laboratoriýalara, milli, sebit, şäher derejesindäki saglyk edaralaryna hem-de barlag goýberiş nokatlaryna bararlar” diýip, doktor Smolwud belledi.

Türkmenistanyň öňüni alyş çäreleri barada belläp, doktor Smolwud “Biz saparyň dowamynda bu barada öwrenmek mümkinçiliklerine garaşýarys” diýip aýtdy.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen BMG-niň agentlikleri bilelikde COVID-19 ýokanjyna garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzdi. Resminamanyň esasy maksady Türkmenistana ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almakdyr.

BSGG-niň bäş adamdan ybarat wekiliýeti duşenbe güni “Türkmenhowaýollary” agentliginiň çarter gatnawy bilen ýurda geldi.

2022