Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan “Hususy telekeçileriň ygtyýarly karz edaralaryndaky bank hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň” tertibiniň 14-nji bölümine üýtgeşmeler girizildi. Bu barada "Turkmenportal" çarşenbe güni habar berdi.
Girizilen üýtgeşmeler diňe milli manat bilen bagly bolup, olar:
- Hususy telekeçiniň, bir aýda hasaplaşyk hasabyna, nagt pul görnüşinde tabşyran möçberinden, telekeçilik maksatlary üçin 75 göterime çenli nagt pul görnüşinde yzyna almaga rugsat berilýär.
- Hususy telekeçiniň, bir aýda hasaplaşyk hasabyna, fiziki şahslar bilen POS töleg terminallaryny ulanmak arkaly geçirilen töleglerden gelen nagt däl möçberiniň 50 göterime çenli, bankdaky telekeçilik hasabyndan nagt pul görnüşinde almaga rugsat berilýär.
- Telekeçileriň öz arasynda nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirmek maksady bilen baglaşylýan şertnamalary esasynda, satyn alýan hususy telekeçi, töleg geçirmek üçin özüne degişli bankyna nagt görnüşinde goýup, satyjy bolan hususy telekeçä nagt däl görnüşinde geçiren ýagdaýynda, satyjy bolan telekeçi hyzmat edýän bankyndaky telekeçilik hasabyna gelen şol möçberden 70 göterimine çenli nagt görnüşinde çykdajy etmeklige rugsat berilýär.