Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi
Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek babatyndan Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly penşenbe güni Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek babatyndan Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle-de söhbetdeşlige Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Ýurtlary goldamak we hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň direktory Gürbüz Gönül, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Natalýa Drozd we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda gatnaşyjylar “Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň global tendensiýalary we mümkinçilikleri”, “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň ýollary”, “Önümçilige energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasyndaky ylmy taslamalary girizmek”, “Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin halkara tejribäniň ulanylmagy” ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.

Şeýle-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşi ulgamyna goldaw bermek boýunça alyp barýan işi barada, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri barada çykyş edildi.

Milli strategiýanyň düzüminiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşiniň dünýä tendensiýalary we döwrebap ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Pudagara iş topary Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 26-njy iýunynda gol çeken ýörite Kararyna laýyklykda döredildi.

2022