“Indeks” applikasiýasy salgylary tapmagy ýeňilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Indeks” applikasiýasy salgylary tapmagy ýeňilleşdirýär
“Indeks” applikasiýasyny “App Store” bilen “Play Market” platformalaryndan ýüklemek mümkindir.

Türkmen telekeçileri täze “Indeks” atly applikasiýany işe girizdi. Bu applikasiýa arkaly ulanyjylara ýeňillik bilen Türkmenistanyň ähli şäherlerinde iň gowy ýerli restoranlary, barlary, myhmanhanalary, fitnes merkezleri, gözellik salonlary, dermanhanalary, terjime merkezleri ýaly ýerleriň özlerine iň ýakyn bolanyny tapmaga ýardam bermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda onlaýn hyzmatlarynyň ösüşini “Indeks” applikasiýasynda hem görmek mümkindir. Ulanyjylar açar sözleriniň kömegi bilen tiz ýagdaýda gözleýän ýeriniň adyny bilmeseler-de, öz gözleglerine ýetip bilýärler.

“Indeks” applikasiýasyny ýükläp, ulanyjylar dynç alyş merkezleriniň suratlaryny görmek bilen öz dynç günlerini meýilleşdirip bilerler.

Applikasiýanyň ulanyjylary dynç alyş hyzmatlaryny gözlemek, ýerleri saýlamakda suratlary görmek, habarlaşmak üçin telefon belgileri we beýleki wajyp maglumatlary almak ýaly funksiýalary ýerine ýetirip bilýär.

Galyberse-de ulanyjylar saýlanan sanawa halaýan ýa-da baryp görmek isleýän ýerlerini goşup, muňa oflaýn görnüşinde hem görmäge mümkinçilik alyp bilýär.

Şeýle-de applikasiýanyň “Bu gün” bölüminde her gün gyzykly hem-de peýdaly maglumatlar, durmuşda gerek boljak laýfhaklar hödürlenýär.

Häzirki wagtda “Indeks” applikasiýasyny “App Store” bilen “Play Market” platformalaryndan ýüklemek mümkindir.

2022