Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň wekiliýeti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň wekiliýeti bilen duşuşdy
BSGG-niň bäş adamdan ybarat wekiliýeti duşenbe güni “Türkmenhowaýollary” agentliginiň çarter gatnawy bilen ýurda geldi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Raşid Meredow Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň işjeňligini hem-de netijeliligini nygtady we türkmen tarapynyň BSGG-niň berýan maslahatlaryna gyşarnyksyz eýerýändigini belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde, pandemiýa garşy gönükdirilen ähmiýetli göreşde Türkmenistanyň halkara hem-de sebit derejesinde köpugurly hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Öz gezeginde, BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska BSGG-niň ýolbaşçylarynyň adyndan guramanyň ÝSE-niň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň ýokary guramaçylygy we hemmetaraplaýyn utgaşdyrmakda beren goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň COVID-19-a garşy giň gerimli göreş alyp barmaga gönükdirilen tagallarynyň, şol sanda Alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjy we ýurduň “COVID-19 garşy tehnologiýalara ygtyýarlyk platformasyna” (C-TAP) goşulmagynyň aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy. Bu Platformanyň aýratynlyklary barada BSGG-niň ÝSE-niň adatdan daşary ýagdaýlaryň meseleleri boýunça baş hünärmeni bu missiýanyň ýolbaşçysy Katrin Smolwud gürrüň berdi.

DIM-iň ýolbaşçysy şeýle-de häzirki wagtda Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň milli meýilnamasynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi.

Ministr, şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýurt tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň ynsanperwerlik ugurly düzüjilerini gurşap alýan üçünji milli meýilnamanyň işlenilip düzülýändini aýratyn nygtady.

Aýratyn hem şübhe dörediji ýagdaýlaryň ählisini derwaýys ýagdaýda seljermek, şol sanda olar dogrusynda gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmegi barada habar bermek üçin Türkmenistanyň ýeterlik mümkinçilikleriniň we serişdeleriniň bardygy hem bellenilip geçildi.

“Bu ugurda koronawirusyň täze görnüşiniň howada uzak wagtyň dowamynda saklanmaga ukyply bolan ownujak aerozol damjalary arkaly ýaýramak mümkinçiliklerini tassyklaýan ylmy barlaglaryň nazarda tutulmagy bilen, aýratyn goragy talap edýän töwekgelçiligiň derejesi, şol sanda ony pese gaçyrmagyň usullary barada jemgyýetçiligiň habardar edilmegi boýunça işjeň maglumat beriji kampaniýa hem geçirilýär” diýlip, habarda beýan edilýär.

BSGG-niň ÝSE-niň wekiliýeti Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirdi, ol ýerde ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyň we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde milli derejede durmuşa geçirilýän hereketler ara alnyp maslahatlaşdyldy.

BSGG-niň ÝSE-niň wekiliýeti COVID-19 garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň çäklerinde ýurtda durmuşa geçirilýän çäreler we hereketler bilen tanyş bolmak hem-de olara syn bermek maksady bilen 6-njy iýulda Türkmenistana gelipdi.