Türkmen kompaniýasy bitum emulsiýasynyň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy bitum emulsiýasynyň önümçiligini ýola goýdy
“Mizemez Gadam” hususy kärhanasy bitum emulsiýasynyň önümçiligini ýola goýdy.

Lebap welaýatynyň çäginde gurluşyk harytlaryny öndürýän “Mizemez Gadam” hususy kärhanasy bitum emulsiýasyny öndürmäge başlady.

“Jeyhun.news” neşiriniň şenbe güni habar bermegine görä, kärhana zerur bolan çig maly Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we “Türkmendaşlary” döwlet kärhanasyndan alýar.

Gurluşykda zerur bolan serişdeler taýýarlanyp, içerki we daşarky bazarlara iberilýär. Häzirki wagtda kärhana önümlerini Özbegistana, Täjigistana we Türkiýä ugradýar. Şol bir wagtda hem “Mizemez Gadam” beýleki ýurtlara eksport etmek boýunça iş alyp barýar.

“Mizemez Gadam” hususy kärhanasy 25-28-nji fewral aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde 21-nji gezek geçirilen “UzBuild 2020” halkara sergisine gatnaşypdy.

Sergide dürli görnüşli gurluşyk harytlary, şol sanda sement önümleri, kerpiçler, penjireler, gapylar, içki we daşky bezeg serişdeleri, bitumlar, elektrik enjamlary görkezildi.

2022