Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy lukmançylyk örtügini ulanmagy maslahat berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy lukmançylyk örtügini ulanmagy maslahat berýär
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi lukmançylyk örtüklerini ulanmagy maslahat berip ýüzlendi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi ýekşenbe güni lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berip ýüzlendi.

TDH tarapyndan habar berilmegine görä, ministrligiň Habarlar merkezi tomus paslynda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin hökman degişli maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek zerurdyr diýip belleýär.

“Howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy - ekzogen täsirini peseltmek we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk burun örtüklerini ulanmagy maslahat berilýär” diýip, habarda aýdylýar.

Adamlaryň arasynda howpsuz aralyk, ýagny 1 metrden az bolmadyk aralyk saklanylmalydygy hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berk berjaý edilmelidigi bellenýär.

Tomus paslynda daşky gurşawyň yssy howasyny göz öňünde tutup, Habarlar merkezi daşardan gyzyp gelip, birbada sowuk ýa-da sowadyjy işleýän otaga girmeli däldigini, şeýle-de sowadyjynyň gabadynda durmaly däldigini hem-de aşa sowuk suwy içmeli däldigini ýatladýar.

2022