Türkmenistanda $37 milliardlyk 2.5 müňe golaý desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda $37 milliardlyk 2.5 müňe golaý desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar
Şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagy türkmen ykdysadyýetini we hususyýetçiligi köpugurly ösdürmek meselelerine gönükdirilendir.

Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde we ýokary depginde dowam edýändigini belläp, birinji ýarym ýylda ýurtda bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2.5 müňe golaý iri desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy.

TDH-niň duşenbe güni beýan etmegine görä, gurluşyk pudagyna goýberilýän ägirt uly maýa goýumlar, ýurtda döredilen oňyn maýa goýum syýasaty hem-de telekeçiligi goldamak boýunça netijeli döwlet goldawy şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny şertlendirdi.

“Biz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerim bilen girişdik hem-de emele gelen ýagdaýa garamazdan, bu işleri dowam ederis” diýip, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nygtady we degişli ýolbaşçylara gurluşyk işleriniň ýagdaýyna seljermäni çaltlaşdyrmagy we 2021-nji ýyl üçin bu ugurdaky täze maksatnamany kesgitlemegi tabşyrdy.

“Koronawirus pandemiýasynyň ýurduň içerki we daşaky ykdysady işjeňligine ýetirýän ýaramaz täsirine garamazdan, statistiki maglumatlar dünýä ykdysadyýetindäki meseleler bilen bagly Hökümetiň netijeli çäreleri görýändigini aňladýar” diýip, TDH aýdýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geçen alty aýda ýurtda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda 1 milliard 300 million manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini belledi.

Geçen ýarym ýylyň dowamynda iri desgalaryň 14-si, umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda bahasy 1 milliard manada golaýlaýan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.

Şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagy türkmen ykdysadyýetini we hususyýetçiligi köpugurly ösdürmek meselelerine gönükdirilendir.

Şeýlelikde, geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak meselesine degip geçmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň baş maliýe meýilnamasynda her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri hökman göz öňünde tutmalydygyny aýratyn belledi.

Hökümetiň mejlisinde beýan edilen statistika maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 112.8 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ösüş 118.9 göterime deň boldy.

Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107.7 göterim artyp, meýilnama 107.4 göterim berjaý edildi.

Ýurduň şäherlerini we obalaryny gurmagyň giň gerimli taslamalarynda hususy şereketleriň –Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýy artýar.

Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly XIX halkara sergisinde öz mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň hilini hem-de hödürleýän hyzmatlarynyň köpdürlüligini daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň 70-den gowrak eksponentleri görkezildi.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Owadandepe senagat zolagynda kuwwatly gurluşyk pudagy döredilip, bu ýerde eýýäm demir we armatura öndürýän “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody, mermer we granit işläp bejerýän, “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, aýna öndürýän iri “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasy üstünlikli işleýär.

Ýurduň gurluşyk senagatynyň döwrebap toplumlarynyň öndürýän önümleriniň sanawynda diwarlyk paneller hem-de ýokary mäkämligi, seýsmiki durnuklylygy we gowulandyrylan ulanyş häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan armirlenen bloklar, plitalar, sement, kerpiç, keramzit, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal gurnamalary, ýygnalýan demirbeton önümleri, plastmassa we aýna süýüm turbalar bardyr.

2022