Daşoguzda täze çagalar baglaryny, mekdepleri we medeniýet öýlerini gurmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda täze çagalar baglaryny, mekdepleri we medeniýet öýlerini gurmak meýilleşdirilýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň çäginde birnäçe çagalar baglaryny, orta mekdepleri we medeniýeti öýlerini gurmagy meýilleşdirýär.

“Türkmenistan” gazetinde şenbe güni çap edilen bäsleşige görä, şu aşakdaky binalaryň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär:

  • Daşoguz şäherinde 1 sany çagalar bagy, 600 orunlyk orta mekdep;
  • Boldumsaz etrabynda 1 sany çagalar bagy we 1 sany orta mekdep:
  • Köneürgenç etrabynda 1 sany orta mekdep, etrabyň Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda 200 orunlyk medeniýet öýi;
  • Köneürgenç şäherinde 200 orunlyk medeniýet öýi;
  • Akdepe etrabynda 1 sany çagalar bagy, 1 sany orta mekdep we 1 sany medeniýet öýi;
  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 1 sany orta mekdep;
  • Görogly etrabynda 1 sany orta mekdep;
  • S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 1 sany orta mekdep, 1 sany çagalar bagy;
  • Gubadag etrabynda 1 sany çagalar bagy, 2 sany orta mekdep.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermelidirler.

Şeýle-de talap edilýän resminamalaryň arasynda edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat, hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama, häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumatlar hödürlenmelidir.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyna, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.