Türkmen kompaniýasy gök önümleri bilen ýerli söwda nokatlaryny üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy gök önümleri bilen ýerli söwda nokatlaryny üpjün edýär
Häzirki wagta çenli “Merkez” hojalyk jemgyýeti Änewde iki sany ýyladyşhana gurdy. Bu ýyladyşhanalardan ýylda iki gezek gök önümiň hasyly alynýar.

“Merkez” hojalyk jemgyýeti eýýäm üç ýyldan bäri gök önüm bilen üpjün edijileriň biridir. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti çarşenbe güni habar berýär.

“Kompaniýa ilkinji günlerinden başlap beýleki oba hojalyk önümlerini öndüriji kompaniýalar bilen bir hatarda, söwda kärhanalaryny gök önümler bilen işjeň üpjün edýär” diýip, kompaniýanyň hojalyk bölüminiň ýolbaşçysy Begenç Geldimyradow belledi. “Bu işleri amala aşyrmak üçin paýtagtyň bazar birleşmesi bilen şertnama baglaşylypdy”.

“Türkmenistanda telekeçiligi goldamakda alnyp barylýan işler ilatyň dürli we ýokary hilli iýmit önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär” diýip, Geldimyradow aýtdy.

Häzirki wagta çenli “Merkez” hojalyk jemgyýeti Änewde iki sany ýyladyşhana gurdy. Bu ýyladyşhanalardan ýylda iki gezek gök önümiň hasyly alynýar.

Geljek ýyl kompaniýa ösdürip ýetişdirýän gök önümleriniň görnüşini artdyrmagy meýilleşdirýär, şeýle hem uly möçberde badamjanyň, paprikanyň we salat ýapragynyň hasylyny almagy göz öňünde tutýar.

Şeýle-de kompaniýa tohumlary ösdürip ýetişdirmekde täze tehnologiýalary ulanmaga çemeleşýär.

2022