BMGÖM Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça onlaýn okuw maslahatyny gurnady

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMGÖM Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça onlaýn okuw maslahatyny gurnady
Okuw maslahatyny Awstriýaly halkara bilermen, statistika pudagynda 40 ýyllyk tejribesi bolan Piter Hakl alyp bardy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde anna güni syýahatçylygyň kömekçi hasabyny düzmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu barada BMGÖM Türkmenistan habar berýär.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Ykdysady we maliýe ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

“Şu günki tegelek stoluň maksady 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamyna (SNA 2008) laýyklykda syýahatçylygyň kömekçi hasabynyň halkara standartlary hem-de onuň Türkmenistanda düzülişi boýunça teklipler bilen tanyşdyrmak” diýip, habarda berilýär.

“Syýahatçylygyň ýurduň ykdysady önümçiligine goşýan goşandyny, şeýle hem ýurduň içinde syýahatçylygyň ösüş depginini kesgitlemek üçin Syýahatçylygyň kömekçi hasabynyň (TSA) konseptual esasyny ulanmak bilen kesgitlenilýän syýahatçylygyň göni içerki önümi giňden ulanylýar” diýip, BMGÖM-niň beýanatynda aýdylýar.

Okuw maslahatyny Awstriýaly halkara bilermen, statistika pudagynda 40 ýyllyk tejribesi bolan Piter Hakl alyp bardy.

2022