AŞTU göni hyzmatlaryna öýden birikmegi ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
AŞTU göni hyzmatlaryna öýden birikmegi ýola goýdy
AŞTU öz ulanyjylarynyň telefon belgilerine internet we IPTV hyzmatlaryny birikdirmek üçin ulgamyň şahamçalaryna ýüz tutmak zerurlygyny aradan aýyrdy.

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz müşderilerine berýän hyzmatynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin alyp barýan işleriniň çäginde täze hyzmatlary ýola goýdy. Bu barada AŞTU habar berýär.

AŞTU öz ulanyjylarynyň telefon belgilerine internet we IPTV hyzmatlaryny birikdirmek üçin ulgamyň şahamçalaryna ýüz tutmak zerurlygyny aradan aýyrdy. Ulanyjylar “agts.tv” internet saýtynda öz şahsy otaglaryndan islän hyzmatlaryna birikdirip bilerler.

Birikdirilen hyzmaty işletmek üçin gelen tehniki işgär hyzmatdan peýdalanmak üçin zerur bolan şertnamany alyp geler we şol ýerde gol çekiler.

Şeýle hem, ulanylýan hyzmat bilen bagly näsazlyk ýa-da arz-şikaýat ýüze çykan ýagdaýynda AŞTU-nyň saýtynda ýerleşdirilen kömek merkezinden habarlaşmak elýeterli edildi. Görkezilen penjireden belgä birikdirilen hyzmat bilen bagly näsazlyk bildirilenden soň gysga wagtda tehniki topar müşderiler bilen habarlaşar.

AŞTU bu hyzmatyň “iOS” we “Android” enjamlarynda hem gysga wagtda elýeterli etmek üçin tehniki işleri ýerine ýetirýär.