Türkmenistanyň bank ulgamynda hyzmatlary ýeňilleşdirmek işleri geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň bank ulgamynda hyzmatlary ýeňilleşdirmek işleri geçirilýär
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, ýurtda ulanylýan bank kartlarynyň mukdary 4 million 300 müňe golaýlady.

Türkmenistanyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär diýlip, TDH-niň duşenbe güni çap eden beýanynda aýdylýar.

Beýana görä, sanly özgertmeler müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar.

Ykjam internet tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de smartfonlaryň iş wezipeleriniň artmagy bilen, ykjam goşundylar amatly we netijeli gurala öwrülip, olary ulanýanlar öz hasabyny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirilmegini amala aşyrmak we hyzmatlar üçin tölemek, karz almak ýa-da üzmek, satyn almak, ätiýaçlandyrmak işlerini geçirmek üçin ulgama her gün birnäçe gezek girip çykýarlar.

Türkmenistanda dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri amala aşyrmagyň ykjam goşundylarynyň ornaşdyrylan wagtyndan bäri “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala” bank kartlary ýaly bank önümi arkaly hem-de “Internet-bank”, “Mobile bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl tölegleriň mukdary artýar.

Ýurduň banklary ýyllyk 5-7 göterimli “Goýum bank karty” açmak boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Onda “Maşgala” karty esasynda müşderiniň islegi boýunça maşgala agzalary kesgitlenen mukdaryň çäklerinde töleg kartynyň serişdelerini ulanyp bilýärler.

2020-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda bankomatlar, terminallar, “Internet-bank”, “Mobile bank” hem-de elektron söwda ulgamy arkaly geçirilen nagt däl tölegleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3.13 esse artdy.

Häzir Türkmenistanda ulanylýan bank kartlarynyň möçberi dört milliondan (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, 4 million 288 müň 600) geçdi. Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda bank kartlary arkaly geçirilen nagt däl tölegleriň möçberi 814.8 million manatdan geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 2.42 esse artdy.

Ýurtda çykarylan bank kartlary bilen bir hatarda, “VISA” we “MasterCard” halkara töleg ulgamlarynyň kartlary söwda hem-de hyzmat ediş nokatlarynda oturdylan töleg terminallarynda pul geçirmek üçin kabul edilýär. “Western Union” pul geçirmeleriň halkara ulgamyna hem Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan hyzmat edilýär.

Müşderilere Türkmenistanyň töleg-hasaplaşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalary hödürlemek üçin “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň binýadynda oturdylan bölekleýin we hyzmat ediş ulgamlarynda QR-kody (tölegi dessin tassyklaýyş kody) synagdan geçirildi. Şeýle hem galtaşyksyz bank töleg kartlary ulanyşa goýberildi.

Nagt däl hasaplaşyklaryň mukdaryny artdyrmak üçin Türkmenistanyň banklarynda bank kartlaryndan peýdalanýanlar üçin “Cash back” – harytlar satyn alnanda pul serişdeleriniň bir bölegini bank kartyna gaýtarmak hyzmaty işlenip taýýarlanyldy.

Ýurduň banklary dünýäniň ykdysady we maliýe institutlary, şol sanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky, Hususy bölegi maliýeleşdirmek boýunça Yslam korporasiýasy hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Geljekde Türkmenistanda “sanly banky” döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, şahamçalary bolmadyk banklardyr, şolaryň ornuny Call-merkezi hyzmatlar gullugynyň işgärleri tutýar. Şunuň ýaly bank uzak aralykdan ösen sanly hyzmatlar ulgamyna – internet-banklaryna, ykjam banklara, şahsy iş otaglaryna, saýtlara we hususy hem-de korporatiw müşderiler üçin saýtlara we beýleki ýöriteleşdirilen hyzmatlara eýe bolmalydyr. Şu hyzmatlardan müşderileriň 90 göterimden gowragy peýdalanar we amallar tutuş 24 sagadyň dowamynda ýerine ýetiriler.

Işewürlik ulgamynda hem-de bazarlaryň ýörite ugurlara bölünmeginde banklaryň iş ugurlaryny kesgitlemek anyk müşderi syýasatyny, täze önümleriň döredilmegini, bank maglumat ulgamynyň guralmagyny hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklar ulgamyny kemala getirmegi talap edýär.

Owerdraft diýlip atlandyrylýan, karz bermek usulyny göz öňünde tutýan hyzmat Türkmenistanda ornaşdyrylan maliýe täzeçillikleriniň mysallarynyň biridir. Şeýle görnüşli karzy bank belli bir şertlerde berýär: karzyň aňrybaş möçberi, göterimleri, göterim tölenmeýän döwür (eger şeýle ýagdaý bar bolsa), möhletinde tölenmedik ýagdaýynda jerimeler we penýalar öňünden şertleşilýär.

“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda “Altyn asyr” bank karty boýunça berilýän owerdraft görnüşli karz bermek ulgamynyň ornaşdyrylmagyny innowasiýa häsiýetli bank hyzmatlarynyň üstünlikli sanlylaşdyrylýandygynyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Bank kartynyň eýesi karz alyjy bolup durýar, owerdraftyň möçberi – karz alyjynyň kart hasabyndaky galyndy pul serişdesinden artýan bergisiniň möçberidir. Owerdraftyň möçberi karz alyjynyň aýlyk hakynyň möçberiniň 40 göteriminden ýokary bolmadyk derejede bellenilýär.

Owerdraft karzy boýunça göterim 12 göterim derejede kesgitlenilýär hem-de “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň karz toparynyň çözgüdi esasynda üýtgedilip bilner.

Müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022