Aşgabatda metbugat üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri barada brifing geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda metbugat üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri barada brifing geçirildi
Brifingde Türkmenistan tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýändigi hem bellenilip geçildi.

Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ÝUNISEF-iň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygyny üpjün etmek barada sişenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi.

Türkmen DIM-niň habar bermegine görä, onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSGG-niň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Polina Karwowska bilen ÝUNISEF-iň wekili Kristina Weýgand çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy aýratyn nygtaldy.

Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagyna ýokary ähmiýet bermek bilen, pandemiýanyň garşysyna gaýragoýulmasyz ýagdaýda hereket edendigini aýratyn nygtadylar. Şeýle-de ýurt tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýändigi hem bellenilip geçildi.

Brifingiň ahyrynda ýüze çykan ýagdaýlaryň derwaýys çözülmegi boýunça global guralyň kesgitlenilmegi dogrusynda hem pikir alşyldy. Çärä gatnaşyjylar durnukly ösüş hereketleriniň binýadynda ähli adamlaryň saglygynyň goraglylygynyň durýandygy baradaky pikire geldiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022