Awstriýanyň “IMC” Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly sişenbe güni duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. “IMC Krems” amaly ylymlar uniwersiteti bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy gurnamak boýunça Türkmenistandan bilermenler wekiliýetiniň Awstriýa sapary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýa tarapynyň wekilleri alyş-çalşygyň saglygy goraýyşyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasynyň wajyp ornuna aýratyn üns çekildi.
Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy.