ÝTÖB maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça okuwyň üçünji tapgyryny geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça okuwyň üçünji tapgyryny geçirýär
“Akademiýa nou-hau” onlaýn okuw platformasynda okuwlar ähli isleg bildirýänler üçin tölegsiz esasda geçirilýär.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) “Akademiýa nou-hau” onlaýn okuw platformasynda kiçi we orta kärhanalar üçin onlaýn okuw-konsultatiw maksatnamasynyň üçünji tapgyryna badalga berdi. Bu barada ÝTÖB penşenbe güni beýanat berdi.

Üçünji tapgyr “Çökgünligiň dolandyrylyşy: işewürligi maliýeleşdirmek” atly mowzuk esasynda geçiriler.

ÝTÖB-niň beýanynda “Işiňizi alyp barmak üçin ýeterlik möçberde maliýe serişdesiniň bolmagy hemişe möhümdir we işiň dowamlylygy howp astyndaky çökgünlik ýagdaýynda has wajyp derejä ýetýär” diýlip bellenýär. “Bu tapgyr işiňiz üçin haýsy maliýe görnüşiniň dogrudygyna, şol maliýe serişdeleri üçin nädip ýüz tutmalydygyňyza we möhüm maliýeleşdiriş kararlary bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda nähili usulda dogry ýoly saýlamalydygyňyza düşünmäge kömek etjek başarnyklar we nou-hau bilen üpjün eder”.

“Akademiýa nou-hau” onlaýn okuw platformasynda okuwlar ähli isleg bildirýänler üçin tölegsiz esasda geçirilýär. Türkmenistanda bu başlangyjy Ýewropa Bileleşigi maliýeleşdirýär.

2022