“Xiaomi” dünýäde ilkinji köpçülikleýin öndürilen transparent telewizory bilen tanyşdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Xiaomi” dünýäde ilkinji köpçülikleýin öndürilen transparent telewizory bilen tanyşdyrdy
“Mi TV Lux OLED”-iň bahasy 49,999 ýuan (takmynan 7,200 ABŞ dollary) bolar.

Hytaýyň tehnologiýa kompaniýasy “Xiaomi” 10 ýyllyk ýubileý dabarasynyň çäginde transparent akylly telewizory “Mi TV Lux OLED Transparent Edition” bilen tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Telewizor öçürilende, ekran aýna bölejigine meňzeýär. “Xiaomi” açylanda bolsa, şekiller howada süzülýän ýaly görünýär.

“Xiaomi” transparent OLED telewizorlarynyň dünýäde ilkinji köpçülikleýin öndürijisi bolandygyny mälim etdi.

55 dýuýmlyk transparent OLED telewizorynyň 120Hz täzeleniş tizligi, 1ms jogap wagty we 150,000: 1 kontrast gatnaşygy bardyr.

“Xiaomi” transparent displeýi sebäpli telewizoryň ähli işleýiş böleklerini ekranyň aşagyna ýerleşdirdi.

“Mi TV Lux OLED”-iň bahasy 49,999 ýuan (takmynan 7,200 ABŞ dollary) bolar. Telewizorlar Hytaýda 16-njy awgustda satuwa çykarylýar.

Täze akylly telewizor bilen bir hatarda, Hytaýyň elektronika ägirdi täze “Mi 10 Ultra” we “Redmi K30 Ultra” smartfonlaryny hem satuwa çykardy.

2022