“Apple” kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk milliarder boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk milliarder boldy
Tim Kuk 2011-nji ýylyň awgust aýynda “Apple”-iň uzak wagtlap baş direktory we esaslandyryjysy bolan Stiw Jobsdan soň bu wezipä bellenildi. (Surat: “Reuters”)

“Apple”-iň baş direktory Tim Kuk öz dolandyrýan kompaniýasynyň bazar kapitalizasiýasynyň 2 trillion ABŞ dollaryna golaýlamagy bilen milliarder derejesine eýe boldy. Bu barada “Bloomberg”-iň sişenbe güni çap eden analizinde aýdylýar.

Tim Kuk 2011-nji ýylyň awgust aýynda “Apple”-iň uzak wagtlap baş direktory we esaslandyryjysy bolan Stiw Jobsdan soň bu wezipä bellenildi.

Habarda aýdylmagyna görä, Jobs aradan çykanda “Apple”-iň bahasy takmynan 350 milliard dollar bolupdyr. Kuk şol bir wagtyň özünde, dolandyrýan kompaniýalaryny esaslandyrmadyk baş direktorlarynyň saýlama toparlaryň birine goşuldy: “Bloomberg milliarderler indeksiniň” hasaplamalaryna görä, baýlygy 1 milliard dollar boldy.

“Bloomberg”-e görä, onuň 1 milliard ABŞ dollary möçberindäki baýlygy aýlyk haklary, kompaniýadaky paýnamalarynyň sany we paý satuwyndan çak edilýän girdejisi bilen “Apple”-de gazanan pullarynyň baryny öz içine alýar. “Apple”-iň hataryna goşulan ýolbaşçy hökmünde Kuk beýleki meşhur iri tehnologiýa ýolbaşçylaryna garanyňda juda baý däldir.

Dünýädäki iň baý üç adamyň ählisi tehnologiýa kompaniýalaryny esaslandyryjylardyr: “Amazonyň” ýolbaşçysy Jeff Bezos, baýlygy 186 milliard ABŞ dollary; “Microsoft”-y esaslandyryjy Bill Geýts 121 milliard ABŞ dollary we “Facebook”-yň esaslandyryjysy-baş direktory Mark Zukerberg, baýlygy takmynan 100 milliard ABŞ dollary.

2022