Türkmen kompaniýasy asma petikleriň 400 müň inedördül metrini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy asma petikleriň 400 müň inedördül metrini öndürýär
“Ak bulut” asma petikleri we profilleri öndürýär.

Türkmenistanda bäş ýyl bäri asma petigi öndürýän “Ak bulut” hojalyk jemgyýeti geljekde önümleriň görnüşlerini köpeltmegi we ýurduň welaýatlarynda öz dükanlaryny açmagy göz öňünde tutýar.

“Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, kompaniýa müşderiler üçin “Play market” internet dükanyndan kärhananyň ýörite applikasiýasyny hem hödürleýär. Kärhanada buýrulan harytlary Türkmenistanyň islendik nokadyna eltip bermäge mümkinçilik bardyr.

Ýurtda gipsden asma petigiň (potologyň) ilkinji öndüriji bolan “Ak bulut” olardan winil örtükli gips petik, winil örtükli akustik petik, alçypan akustik petigi, lamel asma petigi, alýumin petik paneli il içinde has ýörgünlileridir.

Her ýylda 400 müň inedördül metri öndürilip, satuwa goýberilýän bu önümleriň hiline-de aýratyn üns berilýär.

Şeýle-de kärhanada petikler bilen bir hatarda, hojalyklardyr iş otaglarynda giňden ulanylýan petiklerde, gapylarda, mebelleriň dürli görnüşlerinde peýdalanylýan profiller hem öndürilýär.

Häzirki wagtda hem petikler üçin, hem profiller üçin çig malyň ählisine ýakyny “Ak bulut” kärhanasynyň özi öndürýär.