“SoftBank” kompaniýasy ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalaryna $3.9 mlrd. maýa goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“SoftBank” kompaniýasy ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalaryna $3.9 mlrd. maýa goýdy
“SoftBank” şeýle hem Hytaýyň “Bilibili Inc.” we “iQiyi Inc.” kompaniýalarynyň paýnamalaryna eýedir.

Ýaponiýanyň “SoftBank Group Corp.” kompaniýasy “Amazon.com Inc.”, “Tesla Inc.”, “Netflix Inc.” we “Alphabet Inc.” ýaly dünýäde iň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň 25-sine $3.9 mlrd. golaý möçberinde maýa goýdy. Bu barada ABŞ-nyň Gymmat kagyzlar we biržalar boýunça kommisiýasynyň hasabatyna salgylanyp “Bloomberg” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Ýapon kompaniýasy şu ýylyň 30-njy iýunyndaky hasaba görä, “Amazon”-yň $1.04 mlrd., “Alphabet” kompaniýasynyň $475 mln., “Adobe Inc.” kompaniýasynyň $248.6 mln., “Netflix”-iň $189 mln. we “Tesla”-nyň $122.9 mln. möçberinde paýnamalaryna eýeçilik edýär diýlip, habarda aýdylýar.

Kompaniýanyň baş direktory Masayoşi Son geçen hepde maýa goýumlary dolandyrmak boýunça täze golçur kompaniýasynyň döredilendigini habar berip, onda köp mukdarda aktiwleri satmak maksatnamasyndan gelen artykmaç maliýe serişdeleri paýnamalara gönükdiriljekdigini aýtdy. “SoftBank” kompaniýasy paýnamalary satyn almak üçin $10 mlrd. sarp etdi.

Jenap Son “Biz maýa goýum kompaniýasy hökmünde dürli möçberdäki amallary öwrenmelidiris, emma biz häzir hem maglumatlar özgerişligini geçirýän iri kompaniýalara ünsümizi gönükdirýäris. Bu biziň kompaniýamyzyň baş maksadydyr” diýip belledi.

“SoftBank” şeýle hem Hytaýyň “Bilibili Inc.” we “iQiyi Inc.” kompaniýalarynyň, Singapuryň “Sea Ltd.” kompaniýasynyň paýnamalaryna hem eýedir.

Tehnologiýa kompaniýalaryň paýnamalarynyň bahasynyň gymmatlamagy bilen “SoftBank” kompaniýasyna degişli paýnamalarynyň bahasy hem gymmatlaýar. Mysal üçin, “Tesla” kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy iýun aýynyň ahyryndan bäri 60% gymmatlady.

2022