Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa onlaýn görnüşinde geçirilen Parlamentara bileleşiginiň agzasy bolan ýurtlaryň parlamentleriniň zenan-ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdy. Bu barada TDH sişenbe güni habar berdi.
17-18-nji awgustda geçirilen bu mejlis Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Sammitiň gün tertibine gender deňligi, zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny we maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek, COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak boýunça ýurtlaryň özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler girizildi.
Forumyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygyň orny hem-de wezipeleri barada hem pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, tagallalaryň utgaşdyrylmalydygyny bellediler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda zenanlaryň hukuklarynyň we gyzyklanmalarynyň goraglylygyna, olara döwlet tarapyndan ýeňillikleriň berilmegine hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda olaryň eýeleýän ornunyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen sazlaşykly utgaşýar.