Çempionlar ligasynyň ýeňijisiniň baýragy $100 mln. golaýdyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
Çempionlar ligasynyň ýeňijisiniň baýragy $100 mln. golaýdyr
Eger topar 2019-2020-nji ýyllaryň Çempionlar ligasynda toparlaýyn tapgyrdan başlap her oýunda ýeňiş gazanyp gelen bolsa ol umumy netijede 82,45 mln ýewro ($98 mln) alar.

Çempionlar ligasyna çykany üçin ýewropa klublaryna berilýän pul baýraklary örän düşewüntlidir. 2020-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi 19 mln. ýewro ($22,5 mln.), ikinji orun eýelän topar bolsa - 15 mln. ýewro ($18 mln.) alar diýip, “Goal.com” saýtynyň makalasynda habar berilýär.

Muňa garamazdan Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan topara bölünip berilýän umumy baýrak pullary has kän bolar, çünki olar, netijeleriň esasynda paýlanylýar, toparlar bolsa jemleýji tapgyrdan öňki oýunlarda gazanylan ýeňişleri üçin sylaglanýar.

Mysal üçin, diňe toparlaýyn tapgyra çykany üçin her topara 15,25 mln. ýewro ($18 mln.) berilýär, şunuň bilen birlikde toparlaýyn tapgyrdaky her bir ýeňişe 2,7 mln. ýewro ($3,2 mln.) berilýär, oýun deňme-deň gutarsa - 900 müň ýewro ($1 mln.) berler.

Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykan her topar 9,5 mln. ýewrodan ($11 mln), 1/4 tapgyryna – 10,5 mln. ýewrodan ($12,5 mln), ýarym finala çykanlar 12 mln. ýewrodan ($14 mln.) alýar.

Eger topar 2019-2020-nji ýyllaryň Çempionlar ligasynda toparlaýyn tapgyrdan başlap her oýunda ýeňiş gazanyp gelen bolsa ol umumy netijede 82,45 mln. ýewro ($98 mln.) alar.

Klublar şeýle-de UEFA koeffisiýenti boýunça öz abraýy üçin we telewizion hukuklaryndan gelýän pullara eýe bolar. Şol hukuklar toparlaryň haýsy futbol birleşigine degişliligine görä tapawutlanýar.

Çempionlar ligasynyň baýrak gaznasy Ýewropa ligasynyň baýrak gaznasyndan has köpdür.

Mysal üçin, Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda ýeňijiniň baýragy 570 müň ýewro deň. Bu baýrak Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky deňme-deň hasap üçin berilýän 900 müň ýewro möçberindäki puldan hem azdyr. Ýewropa ligasynyň ýeňijileri 8,5 mln. ýewro gazanýar, bu bolsa Çempionlar ligasyndaky ýeňiş üçin berilýän baýragyň ýarysyndan hem azdyr.

2022