Koronawirus ýokanjynyň dünýäde ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň serhet geçelgelerinde gümrük amallaryna gatnaşýan gulluklar tarapyndan bu ýokanjyň ýurdumyza ýaýramagyna garşy durmak boýunça netijeli öňüni alyş çäreleri hem-de guramaçylyk işleri ýola goýuldy.
Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň (TDGG)anna güni habar berşi ýaly, döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda arassaçylyk we fitoarassaçylyk, weterinariýa gözegçilik ulgamynyň işiniň takyk ýerine ýetirilmegi gurnaldy we olar zerur bolan lukmançylyk enjamlar hem-de derman serişdeler bilen üpjün edildi.
Mundan başga-da, serhetýaka awtoýollary, demirýollary gözegçilik geçiriş ýerlerinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda döwrebap zyýansyzlandyryş desgalary guruldy. Häzirki wagtda bu zyýansyzlandyryş desgalar bilen, ýurdumyza gelýän awtoulaglarda we olaryň tirkeglerinde, demirýol wagonlarynda hem-de konteýnerlerde doly derejede zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär. Goňşy döwletleriň serhet geçelgelerinde utgaşykly öňüni alyş – karantin işleriniň amala aşyrylmagynda tagallalar birikdirildi.
TDGG daşary ykdysady işleri döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek boýunça wajyp wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, ähli arassaçylyk-zyýansyzlandyryş düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanyp, ýurdumyzyň üstünden ýükleriň bökdençsiz daşalmagyny üpjün etmäge ýardam berýär.